Ame­ri­kan alym­la­ry seý­rek duş gel­ýän gym­mat­ly mi­ne­ral­la­ry göz­le­mek mak­sa­dy bi­len eme­li aň ul­ga­my­ny işe gi­riz­di­ler. Bu ugur­da­ky sy­nag­lar di­ňe bir Ýer­de däl, eý­sem, beý­le­ki pla­ne­ta­lar­da hem ge­çi­ri­lip bil­ner. Bu ba­ra­da “MIR 24” saý­ty ýaz­ýar.
ABŞ-nyň yl­my-bar­lag iş­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len Kar­ne­gi ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry mi­ne­ral­la­ryň giz­le­nen ýer­le­ri­ni anyk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän tä­riň üs­tün­de iş­le­di­ler. Olar mu­nuň üçin eme­li aň nus­ga­sy­ny iş­läp dü­züp, oňa mi­ne­ral­la­ryň 5748 gör­nü­şi­niň ýa­tan 295583 ýa­tak­la­ryň sal­gy­la­ry be­ýan edi­len “Mi­ne­ral Evolu­ti­on” mag­lu­mat­la­ry­ny gi­riz­di­ler. Ul­gam ýa­tak­la­ryň ýer­leş­ýän ýe­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny ýü­ze çy­ka­ryp, ola­ryň ýe­riň as­tyn­da ýer­leş­ýän çäk­le­ri­ni anyk­la­ma­ga ukyp­ly bo­lup çyk­dy.
Bu ul­ga­my Mo­ha­we çö­lün­dä­ki Te­ko­pa ýa­ta­gyn­da sy­nag­dan ge­çir­di­ler. Bu ýer Mar­syň boş­luk­la­ry­na meň­zeş ha­sap­lan­ýar. Sy­nag wag­tyn­da eme­li aň geo­lo­gik taý­dan mö­hüm bo­lan bir­gi­den mi­ne­ral­la­ryň ýer­leş­ýän ýer­le­ri­ni üs­tün­lik­li sal­gy ber­di.