Mobil enjamlar telewizor ýa-da filmlere tomaşa etmek, gündelik neşirleri ýa-da kitap okamak, krossword çözmek ýaly dürli maksatlar bilen ulanylýar. Bu enjamlar köplenç oýun oýnamak üçin hem peýdalanylýar. Mobil oýunlar üçin işlenip taýýarlanan oýunlaryň ulanyjysy köp bolup, uly girdeji getirýär. Maglumatlara görä, dünýäde 3 milliarda golaý adam mobil oýunlary oýnaýar. Mobil oýun bazarynyň 195 milliard dollara ýetendigi mälim edildi. Geçen ýyl pandemiýa sebäpli mobil oýun bazary birneme peselen hem bolsa, ösüşini dowam etdirjekdigi bellenilýär. Bilermenler geljek bäş ýylyň dowamynda mobil oýun bazarynyň ortaça 8 göterim boljakdygyny çaklaýarlar. Bu pudak günbatar ýurtlarynda azalýan bolsa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ösüşini dowam etdirýär. Köp ulanyjy, esasan, el telefonlary arkaly oýun oýnaýan bolsa, kompýuter we konsol oýunlary hem ikinji we üçünji ýerde durýar.