Şu gün – 13-nji iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mäh­ri Bä­şi­mo­wa­nyň Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si Ah­med Al Ha­me­li bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gün ter­ti­bin­de du­ran me­se­le­le­riň giň ge­ri­mi, şeý­le hem türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk hem gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ta­rap­lar ýa­ňy-ýa­kyn­da M.Bä­şi­mo­wa­nyň BAE ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň we onuň do­wa­myn­da bu ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sy eda­ra­syn­da we An­war Gar­gaş adyn­da­ky Dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­syn­da ge­çi­ri­len bir­nä­çe du­şu­şyk­la­ryň we çä­re­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Türk­men ta­ra­py An­war Gar­gaş adyn­da­ky Dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na hem-de we­kil­le­ri­ne olar üçin is­len­dik amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­ky­ly­gy­ny ýe­tir­me­gi ha­ýyş et­di.