Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra, zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­len­ýär. Äh­li ul­gam­lar­da ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň hil de­re­je­si bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Soň­ky gys­ga wag­tyň için­de ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da hä­zir­ki za­man hyz­mat­la­ry­nyň bir­nä­çe­si üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di we hal­ky­my­zyň ara­syn­da gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­dy. «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň «Türk­men­te­le­kom», «Al­tyn Asyr», AŞ­TU ara­gat­na­şyk kär­ha­na­la­ryn­da in­ter­net, IP-TV ka­bel te­le­wi­de­ni­ýe­si, öý­jük­li we sim­li te­le­fon hyz­mat­la­ry üçin on­laýn tö­leg hyz­mat­la­ry­nyň we ýe­ňil­lik­li nyrh­na­ma­la­ryň dö­re­dil­me­gi gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr.
Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy­ny do­wam et­dir­ýän Arkadagly Serdarymyzyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry dep­gin­li ösüş­ler ga­za­ny­lyp, ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da hem uly sep­git­le­re ýe­til­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan we üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan «Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» pu­dak­la­ry teh­no­lo­gi­ýa taý­dan öz­gert­me­giň hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan do­lan­dyr­ma­gyň, ýur­du­my­zyň se­riş­de­ler we önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň esa­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň öz­bo­luş­ly se­riş­de­si bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ry­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet tiz­lik, amat­ly­lyk, tyg­şyt­ly­lyk dü­şün­je­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­den gör­nü­şi ýa­ly, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ýur­duň ösüş dep­gi­ni­niň çalt­lan­ma­gy­na we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ha­sa­by­na ila­tyň ýaşa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, şeý­le-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň düý­bün­den ta­pa­wut­lan­ýan tä­ze hi­le geç­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­myz­da ila­ta hö­dür­len­ýän dür­li gör­nüş­li hyz­mat­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li pu­dakla­ry­na san­ly in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.
«Da­şo­guz­te­le­kom» we­la­ýat elekt­rik ara­gat­na­şyk kär­ha­na­sy hem hal­ka ýo­ka­ry hi­lli hyz­mat ed­ýän kär­ha­na­la­ryň bi­ri­dir. Elekt­rik ara­gat­na­şyk kär­ha­na­syn­da Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den ila­ta edil­ýän ara­gat­na­şyk hyz­ma­ty­nyň möç­be­ri­ni hem-de hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň gör­nü­şi­ni art­dyr­mak ba­bat­da göw­ne­jaý iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Kär­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan we­la­ýa­tyň äh­li ýer­le­rin­de ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän san­ly ara­gat­na­şyk be­ket­le­ri otur­dyl­dy. Ne­ti­je­de, hä­zir­ki wagt­da iň çet­ki oba­la­ryň ila­ty hem san­ly ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­lan­ýar. We­la­ýa­ty­myz­da ýö­ri­te me­ýil­na­ma bo­ýun­ça göz öňün­de tu­tu­lan 3 müň 400 te­le­fon no­ka­dy­nyň ýe­ri­ne ola­ryň 4 müň 655-si or­naş­dy­ryl­dy. We­la­ýa­tyň çä­gin­de tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň art­ma­gy bi­len ila­tyň öý­le­re çe­ki­len hem-de in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­len te­le­fon no­kat­la­ry­na bo­lan is­le­gi hem ýo­kar­lan­ýar. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da we­la­ýat bo­ýun­ça te­le­fon no­kat­la­ry­nyň 14 müň 841-si ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­di. San­ly ara­gat­na­şyk be­ket­le­ri­niň işe gi­ri­zil­me­gi hä­zir­ki za­ma­nyň ösen is­leg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän beý­le­ki ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Kär­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri ge­çen ýyl 287 müş­de­ri­ni te­le­ýaý­lym­la­ry ka­bel ar­ka­ly gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ul­ga­ma bi­rik­dir­di­ler. Ýur­du­myz­da öý­jük­li ara­gat­na­şyk, san­ly te­le­fon, poç­ta, in­ter­net, te­le­wi­de­ni­ýe, IP-TV hyz­mat­la­ry, şeý­le hem ara­gat­na­şy­gyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň hä­zir­ki za­man ul­gam­la­ry do­ly or­naş­dy­ry­lyp, bu hyz­mat­lar her bir ra­ýa­ty­my­za el­ýe­ter­li edil­di.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän we mag­lu­mat ara­gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün ed­ýän mil­li te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de se­bit­de esa­sy bag­la­nyş­dy­ry­jy mer­ke­zi eme­le ge­ti­rip, ara­gat­na­şyk ul­ga­my­na dün­ýä­niň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak işi ne­ti­je­li al­nyp ba­ryl­ýar, op­ti­ki-sü­ýüm­li ma­gist­ral ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça uly tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da 5 sa­ny döw­le­ta­ra op­ti­ki- sü­ýüm­li mag­lu­mat ge­çiş ugur­la­ry he­re­ket ed­ýär.
Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­ler, giň ge­rim­li tas­la­ma­lar­dyr öz­gert­me­ler ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik sep­git­le­ri na­zar­lap, ola­ra üs­tün­lik­li bar­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­niň yg­ty­bar­ly ke­pi­li bo­lup dur­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den di­kel­di­lip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has hem giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy­na, pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar.
Ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da uly iş­le­ri alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za uly üs­tün­lik­le­riň ýar bol­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris.

Gül­na­ra Ýul­da­şe­wa, «Da­şo­guz­te­le­kom» elekt­rik ara­gat­na­şyk kär­ha­na­sy­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.