10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri ekin meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýyg­na­lan bug­daý ha­sy­ly ka­bul ediş bö­lüm­le­rin­den am­mar­la­ra we ele­wa­tor­la­ra öz wag­tyn­da, ýit­gi­siz da­şal­ýar. Gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm we te­kiz­le­ýiş iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. We­la­ýat­la­ryň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ýe­ral­ma­nyň, gök-bak­ja we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň eki­şi­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.
Şu ýy­lyň güýz möw­sü­min­de ýe­ral­ma­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem hä­kim­ler Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na, ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len gur­lu­şyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da hä­kim­le­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýyg­na­lan bug­daý ha­sy­ly­ny ka­bul ediş bö­lüm­le­rin­den am­mar­la­ra we ele­wa­tor­la­ra öz wag­tyn­da da­şa­mak hem-de ýer­leş­dir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş iş­le­ri do­wam ed­ýär. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar.
Ýur­du­my­zyň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da üçün­ji we dör­dün­ji ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek we ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ýaz­lyk ýe­ral­ma, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri eki­len meý­dan­lar­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak we bu önüm­ler bi­len içer­ki ba­zar­la­ry üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Güýz möw­sü­min­de ekil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän ýe­ral­ma we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ekil­jek ýer­le­ri­ni hem-de ola­ryň to­hum­la­ry­ny möw­sü­me taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem wi­se-prem­ýer Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň şa­ly eki­len meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri­niň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da bol­sa gant şu­gun­dy­ry­nyň eki­şi­niň do­wam ed­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­mek ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di we bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň bel­le­nen möh­let­ler­de, ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­ni, go­wa­ça we şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny, gant şu­gun­dy­ry­nyň eki­şi­niň me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, güýz möw­sü­min­de ge­çi­ril­jek ekiş iş­le­ri­ne ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň öňün­de dur­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di hem-de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan äh­li iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.