Häzirki yssy howaly günleriň dowam edýän döwründe tebigaty goramak meselesi has hem möhüm bolup durýar. Bu zerurlyk, aýratynam, emeli tokaýlyklary goramakda ýiti duýulýar. Şonuň üçin hem tebigata gezelenje çykan wagtymyz her bir hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerek. Tebigata aýawly çemeleşmegiň kadalaryny jikme-jik ýerine ýetirmegi endik edinmeli. Tebigata gezelenje çykylanda ot ýakmak bolanok, munuň özi bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine getirip bilýär. Göräýmäge başynda dursaň şeýle hadysalar bolmajak ýalydyr welin, güýçli şemaldan ýa-da ýangynyň döremegine getirip biljek beýleki ýagdaýlardan habardar bolup, hüşgärligi elden bermeli däl. Eger ot ýakylan bolsa, onuň doly öçendigine göz ýetirmeli, ot ýakylan ýere gum sürüp, közüni mazaly öçürmeli. Tebigatda çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen matalary, söndürilmedik çilim, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa Günüň şöhlesine gyzyp, oduň döremegi mümkin. Mundan başga-da, awtoulagyň tüsseçykarynyň gurat bolmagy barada alada etmeli.
Tokaýlary ýangyn howpundan goramak işine degişli edara-kärhanalar hem öz goşandyny goşýarlar. Ösüp oturan daragtlaryň arasyny haşal otlardan arassalamak, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolaklaryny döretmek, ýygylan otlary ýörite ulaglaryň kömegi bilen bellenen ýerlere çykarmak ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga uly ýardam berýär.
Ýene bir derwaýys ýagdaýy ünsden düşürmek bolmaz. Tebigata gezelenje çykylanda kimdir biriniň ýangyn howpuny döretjek hereketlerini görsek, bu zatlaryň soňunyň öwezini dolup bolmajak nogsanlyklara eltip biljekdigini düşündirmek her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Çünki, tebigat biziň baýlygymyz, ony goramak bolsa biziň ählimize degişlidir.
Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölüminiň müdiri.