Uzakly gün diýen ýaly seredip oturýan ekranlarymyzdan çykýan mawy şöhle barada nämeler bilýäris?! Häzirki zaman durmuş ýörelgelerine laýyklykda, kompýuterdir telefondan işjeň ýagdaýda peýdalanylýar. Ösen tehnologik enjamlary iş ýa-da güýmenje maksady bilen ulanýan wagtymyz ekrandan bölünip çykýan ýagtylyga hem duçar bolýarys. Eýsem, mawy şöhläniň adama nähili täsiri bar?!
Tehnologik enjamlardan bölünip çykýan ýagtylyk bedeniň tebigy sagadynyň (biosagat) deňagramlylygyny bozýar. Esasan hem, bu ýagdaý uklamazdan ozal telefona güýmenýänlere täsir edýär. Mawy şöhle ukusyz wagtymyz bölünip çykýan melatonin gormonyň derejesini peseldip, kadaly uka täsirini ýetirýär. Ukusyzlyk, ýadawlyk, nerw bozulmalary ýa-da agramyň artmagy ýaly kynçylyklary döredýär.
Aslynda, mawy şöhle diňe tehnologik enjamlarda bolman, eýsem, Gün şöhlesinde hem bar. Bu gözümiz bilen görüp bilýän şöhlelerimiziň biridir. Gün şöhlesindäki mawy şöhle tebigy bolup, adama zyýansyz hasaplanýar. Emma tehnologik enjamlardan bölünip çykýan ýagtylyk göz üçin zyýanly bolup, görşüň, hüşgärligiň peselmegine hem-de dartgynly ýagdaýlara getirýär. Şeýle hem adam beýnisini ýadadýar.
Bilermenler mawy şöhläniň täsirini azaltmak üçin tehnologik enjamlar bilen işlenende arakesme etmegi maslahat berýärler. Ýatmazdan iki sagat ozal tehnologik enjamlardan daşlaşmaly, zerur bolmadyk halatynda uklamazdan öň öýjükli telefony öçürip ýatmaly. Gije işlenmegi zerur bolan halatynda öý yşyklandyryşynda ak däl-de, reňkli lampalary ulanmaly. Bu mawy şöhläniň derejesini azaltmaga ýardam edýär. Şeýle hem ekranyň ýagtylygyny peseldip ýa-da gijeki örtülen ýagtylyk ulgamyna geçirip, peýdalanyp bolar. Bilermenler mawy şöhläniň täsirini azaltmak üçin reňksiz gorag äýnegini dakynmagy, görşüň peselmezligi üçin otdur gök önümleri, ýumurtganyň agyny, esasan hem, kädidir käşir iýmelidigini belleýärler.