Tomus paslynda tebigatyň dürli ýerlerinde dynç alyşlar guralýar. Bu pasylda howanyň gyzýandygy sebäpli, esasan hem, suwly we salkyn ýerler saýlanýar. Dynç alşyň dowamynda çeper eserler okalýar, küşt-şaşka oýnalýar we welosipedli gezelençler guralýar. Şeýle hem özara sport bäsleşikleri, top oýnamak ýaryşlary geçirilýär. Howuzlara suwa düşmek, suwda geçirilýän sport görnüşleri bilen meşgullanmak, akwaparklarda dynç almak hem tomus paslynyň iň gyzykly güýmenjeleridir. Eýsem, akwapark näme?! Akwapark howuzlary, typylýan ýodalary, suwly oýun meýdançalary, şeýle hem ýüzmek, suwa düşmek üçin tolkunly howuzlary özünde jemleýän güýmenje seýilgähidir. Ýer ýüzünde ululy-kiçili suw seýilgähleriniň müňlerçesi bar. Gazetimiziň şu sanynda dünýädäki täsin akwaparklar baradaky gyzykly maglumatlary size ýetirýäris.
Çimelong, Hytaý. Tebigatda dynç almak isleýänler üçin bu akwapark özüne çekiji ýerleriň biridir. Dynç almaga barýan myhmanlar alty gatly binadan 4 adamlyk gaýykda aýlawly tolkunlar arkaly aşaky howza düşýärler. Çimelong suw seýilgähinde suw slaýdlary, interaktiw oýun meýdançalary, nasos slaýdlary, ýokary tizlikli typylýan turbalar wagtyňy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Akwaparkda dynç alýan ýaş myhmanlara aşhana hyzmatlary hem hödürlenýär. Bulardan başga-da, bu ýerde ýadygärlik sowgatlaryny, suwa düşülýän egin-eşikleri satyn alyp bolýar.
Atlantis, Bagama. Bagamadaky Jennet adasynda ýerleşýän Atlantis akwaparky (Atlantis Aquaventure) dürli ýaşdaky myhmanlar üçin tolgundyryjy we täsirli başdangeçirmeleri hödürleýär. «Atlantis Resort» dynç alyş merkeziniň bir bölegi bolan bu ýerde köp sanly attraksion meýdançalar, ýokardan aşaklygyna inýän typylýan turbalar hem-de akulaly suwasty ýodalar bar. Akwaparkyň iň täsin ýerleriniň biri hem 60 metr belentlikdäki Maýan ybadathanasydyr. Bu binanyň içinden aşaklygyna inýän açyk suw tunnelleri geçýär. Ulular bilen bir hatarda, dynç almaga gelýän çagalar hem suw ýodalarynda typmak arkaly başdangeçirmelerden lezzet alyp bilýärler. Bulardan başga-da, akwaparkda çagalar üçin ýörite döredilen interaktiw suw meýdançalary bar.
«Boeing 747», ABŞ. «Boeing 747» suw seýilgähiniň «ganatlar we tolkunlar» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Oregon ştatynda ýerleşýän suw howdanynyň binasynyň ýokarsynda hakyky «Boeing 747» uçary ýerleşdirilipdir. Bu dünýädäki ýeke-täk uçarly akwapark hasaplanýar. 4 sany suw tunneli uçardan aşaklygyna gaýdyp, myhmanlary howza düşürýär. Dynç almaga gelýänler bu ýerde «uçardan bökmek» ýaly täsirli duýgyny başdan geçirýärler. Binanyň içinde çagalar üçin interaktiw suw meýdançalary, tolkunly howuz we köpürjikli oýun meýdançalary bar.
Suw kuby, Hytaý. «Suw kuby» ady bilen tanalýan Pekin milli suw sport merkezi 2008-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlary üçin guruldy. Olimpiýa oýunlaryndan soň bu ýerde akwapark döredilýär. Suw kuby Aziýanyň iň uly ýapyk suw howdanlarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde suwly gezelenç ýodalary, 13 sany suw slaýdy, tolkunly howuz we dynç alyş meýdançalary bar. Suw toplumynyň daşy damja şekilli gök plastik köpürjiklerden düzülipdir. Plastik köpürjikler Gün energiýasyny özünde ýygnap, howuzlary ýylatmaga kömek edýär.
«Aquatica Orlando», ABŞ. Florida ştatynda ýerleşýän bu akwaparkda suw turbalary bilen ugurdaş hereket edýän delfindir akulalar geň galdyrýar. Ýokardan gaýdýan 330 metrlik suw turbasy howzuň içinden geçip gidýär. Dynç almaga barýanlar ýarym suwly turbada okdurylyp barýarkalar delfindir akulalar olar bilen ýaryşýarlar. Bu täsin ýagdaý deňiz jandarlaryny ýakyndan synlamaga şert döredýär. Howuzda delfinden başga-da, sardina hem-de balygyň birnäçe görnüşi saklanýar. Akwaparkda ýaş myhmanlar üçin pes hereketli suw turbalary hem göz öňünde tutulypdyr. Suw seýilgähiniň töwereginde otaglar, oturgyçlar bar. Akwaparkyň açyk meýdançasynda delfin tanslary hem görkezilýär.
«Divertical», Italiýa. Suw seýilgähindäki gezelenç relslerde hereket edýän gaýyklar bilen başlanýar. 160 metr belentlikdäki aýlawly relslerden aşak inýän gaýyk howzuň içine düşýär. Bu başdangeçirmeler sagatda 112 kilometr tizlikde bolup geçýär. Gämiler aşaklygyna inende köp mukdarda suw syçradýar. Ýöne muňa garamazdan, dynç almaga gelýänler 3 minut dowam edýän tolgundyryjy wakanyň şaýady bolýarlar. Seýilgähde typylýan ýodalaryň jemi 66-sy bolup, çagalar üçin hem oýun meýdançalary, suwa düşülýän howuz göz öňünde tutulypdyr.