Gazagystan sebitiň ykdysady, ulag, logistika, söwda we tehnologiki mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen dürli başlangyçlar arkaly Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmäge goşant goşýar. Bu barada Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu mälim etdi.
-Sebitdäki durnuklylyk, abadançylyk we howpsuzlyk diňe bilelikdäki tagallalar arkaly gazanylyp bilner – diýip, M. Nurtleu “Üýtgeýän dünýäde Aziýa: Geljegiň gün tertibi” atly mowzukda geçirilen howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa forumynda aýtdy. Ol Merkezi Aziýa Aziýanyň aýrylmaz we möhüm bölegidigini belledi.
-Merkezi Aziýa 77 million ilatly we jemi içerki önümi, takmynan, 350 milliard dollara deň bolan depginli ösýän sebitdir. XXI asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasy güýje girer we tutuş sebitiň gülläp ösmegi üçin öz miwesini berer – diýip, Gazagystanyň daşary işler ministri umyt bildirdi.
Gazagystan Merkezi Aziýany Ýewraziýanyň transport we logistika merkezine öwürmäge tagalla edýär. Ýurt ähli transkontinental transport geçelgeleriniň işjeň goldawçysy bolup, Hytaýyň “Bir guşak we bir ýol” başlangyjynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy niýet edinýär.
-Gazagystan we onuň CICA boýunça hyzmatdaşlary umumy Ýewraziýa howpsuzlyk ulgamyny döretmek ideýasyny yzygiderli öňe sürýärler – diýip, Nurtleu belledi. Şeýle hem, ol Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitdäki durnuklylygy üpjün etmekdäki möhüm goşandyny nygtady.
-Şu ýyl Gazagystan ŞHG-niň başlyklygyny öz üstüne aldy. Bu ugurda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny berkitmäge, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawy goramaga, sanly mümkinçilikleri we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge üns bereris – diýip, Gazagystanyň daşary işler ministri sözüni soňlady.