14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” şygary astynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirildi. Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň usulyýet gollanmalary halkara standartlara laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we bu babatdaky işler BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Diýarymyzyň bu senede ýazylan ilatynyň 22,9 göterimi Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göterimi Lebap welaýatynyň, 14,6 göterimi Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşdi. Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.
Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlary hem tassyklady. Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdany bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy. Umuman, alnan statistiki maglumatlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny taýýarlamakda uly maglumat binýady bolup hyzmat eder.