Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawyny goramagy düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudaklaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

  1. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmeli.
  2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişlilikde, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberi, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
  3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
  4. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.