Hä­zir­ki wagt­da köp san­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryn­da we glo­bal ma­li­ýe ul­gam­la­ryn­da Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän BRIKS-e gy­zyk­lan­ma has-da art­ýar. BRIKS – Bra­zi­li­ýa, Rus­si­ýa, Hin­dis­tan, Hy­taý, Gü­nor­ta Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň döw­le­ta­ra bi­le­le­şi­gi bo­lup, to­pa­ryň ag­za­la­ry­nyň ara­syn­da yk­dy­sa­dy we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len 2006-njy ýy­lyň iýun aýyn­da Sankt-Pe­ter­burg yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çä­gin­de dö­re­dil­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de BRIKS ýurt­la­ry dün­ýä ila­ty­nyň 40 gö­te­ri­mi­ni, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 25 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ýe­ne-de 19 ýurt BRIKS-e go­şul­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. BRIKS-e go­şul­mak üçin da­laş ed­ýän­le­riň ara­syn­da Al­žir, Mü­sür, Eý­ran, Bah­reýn, Sa­ud Ara­bys­ta­ny we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bar. BRIKS, esa­san, glo­bal ma­li­ýe ul­ga­my­ny dö­ret­mek is­le­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le hem Mü­sü­riň we BAE-niň BRIKS-iň Tä­ze Ösüş Ban­ky­na (NDB) ag­za bol­ma­gy to­pa­ra bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny ýe­ne-de art­dyr­ýar. Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry bi­len BRIKS ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­me­gi, köp pol­ýar­lyk ba­ra­da­ky gep­le­şik­le­riň esa­syn­da, ola­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne ge­tir­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ola­ryň ara­syn­da söw­da­nyň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de, Sa­ud Ara­bys­ta­ny BRIKS ýurt­la­ry­nyň Ýa­kyn Gün­do­gar­da­ky iň mö­hüm hyz­mat­daş­la­ryn­dan bi­ri­ne öw­rül­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň BRIKS ýurt­la­ry bi­len umu­my iki­ta­rap­la­ýyn söw­da­sy 2017-nji ýyl­da 81 mil­liard dol­lar­dan 2022-nji ýy­la çen­li 160 mil­liard dol­la­ra çen­li ýo­kar­lan­dy. BRIKS-e ym­tyl­ýan Eý­ran bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Hy­ta­ýyň ara­çy­ly­gy ar­ka­ly ýe­di ýyl­lyk ara­kes­me­den soň dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­ny di­kel­den­di­gi bel­lär­lik­li­dir. BRIKS-e go­şul­mak, Al­ži­riň Pre­zi­den­ti Ab­del­ma­jid Teb­bu­nyň ge­çen aý­da Rus­si­ýa eden il­kin­ji sa­pa­ryn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­dan bi­ri bol­dy.
BRIKS-iň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti 22-24-nji aw­gust­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýo­han­nes­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. Fo­ru­myň gün ter­ti­bi ar­ka­la­şy­gy has-da gi­ňelt­me­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Iýun aýy­nyň ba­şyn­da Keýp­ta­un şä­he­rin­de BRIKS-iň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar köp ta­rap­ly­lyk, BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň re­for­ma­sy we BRIKS ýurt­la­ry üçin ýe­ke-täk pu­luň dö­re­dil­me­gi ýa­ly te­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.