«Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit we ga­zy» (OGT 2023) XVIII Hal­ka­ra kon­fe­ren­si­ýa­sy we ser­gi­si şu ýy­lyň 25-27-nji okt­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­ler.
Mas­la­ha­tyň we ser­gi­niň mak­sa­dy, ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň mun­dan beý­läk-de dur­nuk­ly ösü­şi bo­ýun­ça se­bit­le­ýin gep­le­şik­le­ri güýç­len­dir­mek, glo­bal ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň soň­ky ten­den­si­ýa­la­ry­na syn we Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit-gaz pu­da­gy­na da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­ni çek­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mek­dir.
Çä­rä­ni gur­naý­jy­lar hök­mün­de Türk­men Fo­rum HJ bi­len hyz­mat­daş­lyk­da «Gaf­neyCli­ne» bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gol­da­wy bi­len «Türk­men­gaz», «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy we «Türk­men­geo­lo­gy» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy çy­kyş eder­ler.
“Türk­men Fo­rum” hal­ka­ra çä­rä öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň köp san­ly­sy­nyň gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Myh­man­lar tej­ri­be aly­şar­lar we Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit-gaz top­lu­my­nyň ösü­şi­ne tä­sir ed­ýän se­bit­le­ýin we glo­bal ten­den­si­ýa­la­ry ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.