Efio­pi­ýa­da 12 sa­ga­dyň do­wa­myn­da 566 mil­li­on agaç na­ha­ly eki­lip, re­kord go­ýul­dy. Ýurt­da “Ýa­şyl mi­ras” at­ly baş­lan­gy­jyň esa­syn­da ýa­şyl zo­lak­la­ry dö­ret­mek işi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mun­dan ozal, 2019-njy ýyl­da Efio­pi­ýa­da 350 mil­li­on­dan gow­rak agaç eki­lip, re­kord goý­lup­dy. Şu aýyň 8-ine ýur­duň Prem­ýer-mi­nistr Abiý Ah­med 500 mil­li­on agaç na­ha­ly­nyň otur­dyl­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Şon­da ol bu çä­rä di­ňe efi­ýo­pi­ýa­ly­la­ry däl, eý­sem bu ýurt­da ýa­şa­ýan ýa­şa­ýan da­şa­ry ýurt­lu­la­ry, il­çi­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ni, üs­ta­şyr geç­ýän ýo­lag­çy­la­ry hem bu çä­rä gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy. 17-nji maý­da ge­çi­ri­len çä­re­de eýil­leş­di­ri­len­den has köp – 566 mil­li­on na­hal otur­dyl­dy. Ir sä­her baş­lan agaç ek­mek çä­re­si­niň giç ag­şa­ma çen­li do­wam et­di. Abiý Ah­med bu bag ek­mek çä­re­si­ne halk köp­çü­li­gi­niň iş­jeň gat­na­şan­dy­gy­ny bel­läp, onuň höt­de­sin­den bi­le­lik­de ge­len­dik­le­ri­ni aýt­dy.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, XX asy­ryň baş­la­ryn­da umu­my meý­da­ny­nyň 35 gö­te­ri­mi to­kaý­lar­dan yba­rat bo­lan Efio­pi­ýa­nyň hä­zir­ki wagt­da to­kaý zo­lak­la­ry­nyň meý­da­ny 15 gö­te­ri­me çen­li azal­dy.
Ýurt­da na­hal ek­mek we ola­ra ideg et­mek çä­re­si­niň do­wam et­di­ril­je­kdi­gi mä­lim edil­di. “Ýa­şyl mi­ras” at­ly baş­lan­gy­jyň 2023-2026-njy ýyl­lar ara­ly­gy­ny öz içi­ne al­ýan bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň çä­gin­de ýurt­da 25 mil­liard agaç na­ha­ly­nyň otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.