Häzirki wagtda Ýewropa klublary dünýäniň çar künjeginde täze möwsüme ýokary depginde taýýarlyk görýär. Şolaryň biri-de Germaniýanyň çempionaty “Bundesliganyň” çempiony “Bawariýa” bolup, münhenliler “Bawariýa” sebitiniň başga bir topary, aşaky ligalaryň wekili “Rottah-Egern” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda “Bawariýa” kluby 27-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Yklymyň güýçli kluby eýýäm 1-nji ýarymda 18-0 öňe saýlandy. Duşuşykda Matis Tel, Jamal Musiala, Marsel Sabitser dagy 5 gol, şol sanda Serž Gnabri 3 gezek tapawutlandy. Beýleki gollary-da Leroý Sane, Daýo Upamekano, Nussair Mazraui, Konrad Laýmer, Alfonso Dewis, Rafael Gerreýro, Raýan Grawenberh, Kingsli Koman hem-de Sadio Mane geçirdi. Netijede, 3-nji minutda Musiala bilen başlan gol ýagyşy 90-njy minutda Maneniň goly bilen tamamlandy.

“Bawariýa” topary “Rottah-Egern” topary bilen 2018-nji we 2019-njy ýyllarda-da duşuşypdy. Şonda ilki 20-2, soňra 23-0 hasaplar bilen ýeňiş gazanypdy. Umumylykda 3 duşuşykda 70-2 hasabynda “Bawariýa” garşydaşyndan üstün çykdy.