Ýa­po­ni­ýa­nyň Kio­to we Fu­kui uni­wer­si­tet­le­ri­niň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri tä­ze diş çyk­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän der­ma­ny oý­lap tap­dy­lar. Bu ugur­da­ky yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri “Science Advances” žur­na­lyn­da çap edi­lip­dir.
Tä­ze usul adam be­de­nin­de USAG-1 ge­ni­niň öňü­ni al­ýan an­ti­te­la­la­ry iş­läp çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gen öz ge­ze­gin­de adam­lar­da we süý­dem­di­ri­ji­ler­de diş­le­riň ösü­şi­ni çäk­len­dir­ýär.
Der­ma­ny oý­lap ta­py­jy­lar onuň gel­jek ýyl­dan adam­lar­da sy­nag edil­jek­di­gi­ni hem-de 2030-njy ýy­la çen­li agyz boş­lu­gyn­da tä­ze diş­le­ri ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni ynan­dyr­ýar­lar.