ABŞ-nyň howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili Jon Kerri üçünji gezek Hytaýa sapar edýär. Waşington we Pekin geçen ýyl togtadylandan soň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga täzeden başlaýarlar.
Jon Kerriniň Hytaýa sapary 17-19-njy iýul aralygynda dowam edýär. Ol howa boýunça gepleşikleriň Pekin bilen Waşingtonyň arasyndaky düşünişmezligi ýeňip geçmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
-Hytaý we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ykdysady taýdan dünýäniň iň güýçli ýurtlarydyr. Biz şeýle hem ýyladyşhana gazlaryny howa iň köp goýberýän ýurtlar bolup durýarys. Şonuň üçin iki ýurt bilelikde ýüze çykan howa bilen bagly meseleleleri gyssagly çözmeli – diýip, Jon Kerri aýtdy.