Günorta Amerikadaky Boliwiýada suwuň daşynda birnäçe sagat ýaşap bilýän balygyň ozal ylym dünýäsine mälim bolmadyk görnüşi tapyldy. Dem alşy adaty balyklardan tapawutly bolan bu suw jandary Haýns Arno Drawert atly alym tapypdyr. Ol balygyň suwdan çykandygyny we birnäçe sagat daşarda bolup, dem almagyny dowam etdirendigini aýdýar. Drewert köp ýyllap balygyň görnüşleri hakynda ylmy barlaglary geçirendigini aýdyp, bu täsin balygyň uzynlygynyň bäş santimetre ýetýändigini, reňkini ýaşylymtyl-çal reňklidigini, reňkli menekleriniň we nagyşlarynyň bardygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu balyk tokaýda wagtlaýyn emele gelýän suw ekoulgamynda ýaşaýar.
Drawert balygyň bu görnüşiniň işbilini uly bolmadyk suw oýtumlaryna, palçyga ýa-da topraga gömýändigini, emma işbiline hiç hili zeper ýetmeýändigini belledi. Alym soňky 20-30 ýylda balygyň ýaşaýan tebigy şertleriniň azalandygyna ünsi çekip, olaryň gorag astyna alynmalydygyny aýtdy.