Ýewropa Bileleşigi öz sermaýasyny Latyn Amerikasynyň ykdysadyýetiniň “ýaşyl” energiýa ýaly pudaklaryna gönükdirmegi maksat edinýär. Bu ýagdaý Hytaýyň sebitdäki täsirine deňagramlylyk döretmek üçin niýetlenendir.
Latyn Amerikasy 45 milliard ýewro maýa goýumyna eýe bolar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Brýusselde guralan işewür toparlaryň wekilleriniň maslahatynda we Ýewropa Bileleşigi-Latyn Amerika sammitiniň öňüsyrasynda mälim etdi. Ýewropa Bileleşigi öz sermaýasyny “ýaşyl” energiýa ýaly belli pudaklara gönükdirmek isleýär. Ýene bir sebäbi Ýewropanyň çig mallara zerurlygy bar. Günorta Amerika bolsa, seýrek çig mallaryndan başga-da dünýäniň litiý ätiýaçlyklarynyň 85% -ini emele getirýär.
Braziliýa MERCOSUR bileleşiginiň agzasydyr. Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen söwda şertnamasyny tassyklamak boýunça resminamanyň üstünde işlemäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň Amazondaky tokaýlaryň çapylmagyny togtatmak maksady bilen ekologiýa ölçegleri bolan goşmaça resminama taýýarlamak baradaky isleglerine jogap berdi. Luis Inasiu Lula da Silwa şeýle islegi oýlanyşyksyz hasaplaýar, sebäbi ondan ýerli ilat zyýan çeker.
Latyn Amerikasy, Ýewropa Bileleşigi bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinip, ekologiýa maksatlaryndan başga-da, oba hojalygynyň bähbitlerini nazara alýar. Fransiýa we Awstriýa ýaly ýurtlar bolsa, öz bazarlarynyň hili näbelli bolan Latyn Amerikasy ýurtlarynyň önümleri bilen doldurylmagyny göwnemeýärler.