Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Jid­da şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len Aý­lag­da­ky arap döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­ne ag­za ýurt­la­ryň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de eden çy­ky­şyn­da bu du­şu­şy­gy 2025-nji ýyl­da öz ýur­dun­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di. Şeý­le hem Pre­zi­dent Mir­zi­ýo­ýew Mer­ke­zi Azi­ýa hem-de Aý­lag ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hy we me­de­ni umu­my­lyk­la­ra da­ýan­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň art­dy­ryl­ma­gy üçin bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy.
Mir­zi­ýo­ýew çy­ky­şyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa hem-de Aý­lag se­bi­ti­niň halk­la­ry­ny ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ýa­kyn söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň, umu­my gym­mat­lyk­la­ryň we däp-des­sur­la­ryň, iň esa­sy­sy hem mu­kad­des ys­lam di­ni­niň pug­ta bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny, bu gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gin­de ta­ryh­da­ky alym­la­ryň we akyl­dar­la­ryň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­le­di.