19-njy iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa Bra­zi­li­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­nen Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ru­bem An­to­nio Kor­rea Bar­bo­za­dan ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di.
Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň adyn­dan il­çi­ni ýo­ka­ry dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, il­kin­ji no­bat­da, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň­dyr dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça asyl­ly işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Dip­lo­mat türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, öz ýur­du­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­ny ösü­şiň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe alyp bar­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowa ibe­ren sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Il­çi alyp bar­ýan oňyn sy­ýa­sa­ty esa­syn­da dün­ýä­de uly ab­ra­ýa eýe bo­lan döw­let­de Bra­zi­li­ýa we­kil­çi­lik et­me­giň özi üçin hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da dost­luk­ly ýur­duň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler, iri hal­ka­ra tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän hem-de in­no­wa­si­on esas­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, döw­re­bap inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry dö­ret­mä­ge, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ra aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
Il­çi türk­men par­la­men­ti­niň dü­zü­mi hem-de dür­li ul­gam­lar­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan kö­pu­gur­ly işi bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry, şol san­da, hal­ka­ra par­la­ment dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge öza­ra taý­ýar­lyk be­ýan edil­di.
Dip­lo­mat söw­da-yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, iki hal­kyň ara­syn­da­ky dost­luk we öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän me­de­ni dia­lo­gy iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Bra­zi­li­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ru­bem An­to­nio Kor­rea Bar­bo­za iki ýur­duň bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän kö­pu­gur­ly we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.