Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde wagyz etmek üçin uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda dünýä ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşan alymlarymyzyň, filosoflarymyzyň döredijiligini öwrenmegimize giň mümkinçilikler döredildi. Halkymyzyň taryhy geçmişinde dünýä meşhur alymlarymyz we beýik şahsyýetlerimiz bolup, şol beýik şahsyýetleriň biri-de dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren, çeper söz sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly hyzmatlary bitiren türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen dilini we edebiýatyny ösdürip, ýokary derejä ýetiren, çeper söz sungatyny baýlaşdyrmakda uly hyzmatlary bitiren türkmen ruhunyň synmajak sütünidir.
Gahryman Arkadagymyz şahyryň döredijiligine ýokary baha berip «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýlan mukaddeslikleriň biridir» diýip nygtaýar.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuny guramaçylykly we dabaraly ýagdaýda geçirmek üçin, şu günlerden taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu bolsa halkymyzyň akyldar şahyryna goýýan sarpasynyň iň beýik derejesidir.
Watanymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly Pyragynyň ömri we döredijiligi babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Şahyryň ömri we döredijiligi diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giňişleýin öwrenilýär. Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew akyldar şahyryň diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda bitiren beýik hyzmatlaryny belläp şeýle baha berýär: «Pyragynyň süýji setirleri bize iki asyr aşyp ýetdi. Onuň setirleri indi köpleriň söýgüsine eýe boldy. Magtymguly hakykatdan-da beýik şahyr bolupdyr. Biziň halkymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elbrus dagy bilen deňeşdirilýär. Men Magtymgulyny we onuň poeziýasyny şol belent daga deňeşdirýärin. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl, eýsem, dünýä poeziýasynyň hem Elbrusy hasap edýäris».
Şahyryň döredijiligi halk köpçüligi tarapyndan giňişleýin öwrenilmek bilen,ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin örän uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Şonuň üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan okuwçylara we talyp ýaşlara şahyryň döredijiligi baradaky maglumatlar öwredilýär.
Akyldar şahyryň gelin-gyzlar hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Ol öz şygyrlarynda gelin-gyzlaryň durmuşda uly hormata, söýgä mynasyp bolmalydyklaryny ündeýär. Şahyr öz döredijiliginde gelin-gyzlaryň owadanlygyny, mertebesini hemme zatdan ýokarda goýýar. Bu bolsa halk köpçüliginiň pikir duýgusy bilen gabat gelýär.
Şahyr gyz-gelinleri erkek adamlaryň iň ýakyn hossary, janypkeş ýoldaşy hasaplap, bu barada «Durasyň geler» diýen şygrynda şeýle belleýär:
Gözel bardyr ak kagyz dek bilegi,
Jan içinde bile bolar ýüregi,
Şeýle gözel mert ýigidiň geregi,
Ne hajat islese, beresiň geler.
«Bili bolmasa» diýen goşgusynda bolsa şahyr il-günüň daşyny gorap ýören goç ýigitleriň özüne mynasyp ýary bolmasa hemişe arman çekip gezýändiklerini nygtaýar:
Är ýigidiň içi doly armandyr
Gara göz, inçe bil ýary bolmasa.
Meşhur alymlarymyzy, beýik şahsyýetlerimizi öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!
Mähriban Kurambaýewa,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap bilim bölüminiň hünärmeni,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.