Or­ta gy­rym­sy agaç­la­ryň bi­ri bo­lan smo­ro­di­na gül­li ösüm­lik­le­riň ri­bes­ler gör­nü­şi­ne de­giş­li­dir. Adat­ça ys­sy ho­wa­ny ha­la­ýan bu ösüm­lik de­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Smo­ro­di­na­nyň mi­we­si­niň 4 dür­li – ga­ra, ak, gy­zyl we gül­gü­ne gör­nü­şi bar. Ýo­kum­ly mi­we­le­riň bi­ri bo­lan smo­ro­di­na C, E, mag­niý, fos­for we ka­liý ýa­ly wi­ta­min­le­re we mi­ne­ral­la­ra baý­dyr. Smo­ro­di­na­nyň sag­lyga peý­da­sy uludyr.
Im­mu­ni­te­ti­ ýo­kar­lan­dyr­ýar. Smo­ro­di­na an­ti­ok­si­dan­ta baý mi­we­le­riň bi­ri bo­lup, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Wi­rus­la­ra we ýo­kanç­lyk­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem hro­ni­ki ke­sel­le­riň öňü­ni al­makda peýdalydyr.
De­ri üçin peý­da­ly. Smo­ro­di­na­da­ky C wi­ta­mi­ni de­ri üçin peý­da­ly bo­lup, E wi­ta­mi­ni bi­len bi­le­lik­de de­ri­niň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Şeý­le hem de­ri­dä­ki ýa­ra­la­ry be­jer­mä­ge we yz­la­ry aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. C wi­ta­mi­ni kol­la­ge­ni güýç­len­dir­ýän­di­gi se­bäp­li de­ri­niň gar­ra­ma­gy­nyň hem öňü­ni al­ýar. 100 gram smo­ro­di­na­da 181 mil­lig­ram C wi­ta­mi­ni bar.
Beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ýar. Smo­ro­di­na be­de­ni nerw-da­mar ge­çi­ri­ji­li­gi üçin ze­rur bo­lan mag­ne­zi­ýa bi­len üp­jün ed­ýär. Bu bol­sa ala­da et­me­giň, mig­re­niň we in­sul­tyň öňü­ni al­ýar.
Ýü­rek-da­mar üçin peý­da­ly. Smo­ro­di­na gan ba­sy­şy­ny pe­selt­mä­ge kö­mek ed­ýän ka­liý we gam­ma-li­no­len tur­şu­sy­ny özün­de sak­la­ýar. Gan ba­sy­şy bi­len bag­ly howp­la­ryň öňü­ni al­mak bi­len bir ha­tar­da, gan da­mar­la­ryn­da trom­bo­sit­le­riň ýyg­nan­ma­gy­ny ha­ýal­lad­ýar. Şeý­le­lik­de, gan aý­la­ny­şy­ny we gan ba­sy­şy­ny ka­da­ly de­re­je­de sak­la­mak bi­len ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny go­ra­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, smo­ro­di­na çiş ke­sel­le­ri bi­len bag­ly tö­wek­gel­çik­le­ri azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu mi­we öý­ken üçin hem peý­da­ly bo­lup, dem­gys­ma­dan ejir çek­ýän­le­re smo­ro­di­na iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Smo­ro­di­na ýa­daw­ly­gy aýyr­mak­da, şeýle-de gö­züň gör­şü­ni go­wu­lan­dyr­mak­da hem peý­da­ly­dyr.