4-6-njy iýul aralygynda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan – Uýgur awtonom oblastynyň hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy.
Foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň dürli welaýatlarynyň senagat kuwwatyna wekilçilik edýän kompaniýalaryň hem-de firmalaryň 70-e golaýynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Olaryň arasynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem bar. Şeýle hem, Hytaýyň Birinji awtomobil korporasiýasy (FAW), ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan milli nebitgaz korporasiýasy (CNPС), nebit-gaz pudagy üçin enjamlary öndürýän “Jeren” kompaniýasy, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda iri hyzmatdaş bolan “Huawei” kompaniýasy hem-de ýurdumyza getirilýän energiýa üpjünçilik ulgamlary üçin kuwwatly elektron transformatorlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan TBEA Group we beýlekiler bar.
Sergä gatnaşýanlaryň köpüsi Türkmenistanda ilkinji gezek öz mümkinçiliklerini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary görkezýärler. Olaryň aglabasy ýurdumyzyň köptaraply ykdysady kuwwatyndan habarlydyr we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge çalyşýarlar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, iki ýurduň işewürleri gatnaşdylar.
Halkara ykdysady goşulyşmak ulgamynda Hytaý Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň bazarymyzda Hytaýyň esasy kompaniýalarynyň 40-dan gowragy işläp, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk we ulag ulgamlarynda, dokma hem-de himiýa senagatynda, telekommunikasiýalar we IT-tehnologiýalar ulgamynda giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. HHR-den getirilýän harytlaryň sanawynda tehnologiki enjamlar, gara metaldan önümler, elektrik maşynlar we enjamlar, demir ýol lokomotiwleri we beýleki ulag serişdeleri, abzallaryň dürli görnüşleri bar.
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýerleşdirilen köpugurly sergide Hytaýyň önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini, şol sanda nebit-gaz ulgamynda, elektrik enjamlaryny, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny, gurluşyk serişdelerini, metal we plastiki önümlerini, dürli dokma önümlerini we halylary we azyk önümlerini, lukmançylyk serişdelerini we hojalyk harytlaryny öndürmek ulgamynda teklipleri we hyzmatlary hödürledi.
Şeýle hem Hytaýyň iri köpugurly kompaniýalarydyr kärhanalary hem-de eksport we import boýunça halkara söwda agentlikleri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Hytaý Halk Respublikasynyň harytlarynyň Türkmenistandaky ilkinji köpugurly sergisi hytaý önüm öndürijileriniň giň mümkinçiliklerini görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Sergi hyzmatdaş telekeçileriň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň arasynda göni we has netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi.