Häzirki zaman Ýewropa atlary gelip çykyşy boýunça arassa türkmen we arap atlarynyň nesillerindendir. Bu işiň awtorlary özleriniň gelen netijelerini “Current Biology” žurnalynda beýan edipdirler. Barlagyň dowamynda makalanyň awtorlary 21 görnüşli tohum atlarynyň 52-siniňшY hromosomlarynda seljeriş işlerini geçirip, olaryň ählisiniň gelip çykyşy boýunça türkmen we arap atlarynyň nesillerindendigini mälim etdiler.
– Biziň geçiren barlaglarymyz genetiki taýdan dürli-dürlülige, ozaly bilen, güýçli seçgi işleriniň hem-de Aziýadan getirilen atlaryň aýratyn täsir edendigini ýüze çykardy – diýip, bu makalanyň awtorlarynyň biri Wenanyň weterinar medisina uniwersitetiniň (University of Veterinary Medicine Vienna) hünärmeni Barbara Uollner belläp geçýär.
– Çünki wagtyň geçmegi bilen atlarda duýdansyz täze alamatlaryň ýüze çykmagy has-da artyp, olaryň gelip çykyşynyň umumy alamatlary Y hromosomlarynyň esasy bölegini düzýär. Ozallar şunuň ýaly seljerişleri geçirmek çylşyrymlydy, sebäbi häzirki zaman atlarynyň genetiki taýdan özgerişligi onçakly uly däldi – diýip, Uollner gürrüň berýär.
Şoňa görä, seljerişiň awtorlary, hatda iň bir ujypsyz özgerişligi hem ýüze çykarmaga ukyply bolan öňdebaryjy DNA barlaglaryny geçirdiler. Görlüp oturylsa, şunuň ýaly genetik üýtgeşmeler heniz adamlar 5 müň ýyl mundan ozal, atlary eldekileşdirip başlanlaryndan has soňra ýüze çykypdyr. Şunlukda, demirgazyk Ýewropanyň käbir genotiplerinden başga, ähli häzirki zaman at tohumlary 700 ýyl mundan ozal Gündogardan Ýewropa getirilen genotiplere degişlidir. Bu genotipe esasy iki topar girip, olaryň özenini Merkezi Aziýadan getirilen türkmen atlary, arap ýarymadasyndan bolsa, arap atlary düzýär.