20-nji iýul­da Gru­zi­ýa­da­ky dip­lo­ma­tik işi­ni ta­mam­la­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si D.Mu­ra­to­wyň Gru­zi­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry A.Hwti­si­aş­wi­li bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dip­lo­mat­lar sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag- ener­ge­ti­ka, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Ta­rap­lar hal­ka­ra meý­dan­ça­lar­da hem-de se­bit­le­ýin dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de iş­jeň gat­na­şyk­la­ry ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.
Mi­nist­riň orun­ba­sa­ry il­çä türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne go­şan uly go­şan­dy üçin ho­şal­lyk bil­dir­di we gel­jek­de alyp bar­jak iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.
Il­çi, öz ge­ze­gin­de, iki ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len dip­lo­ma­tik işi­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy we ýar­da­my üçin gru­zin ta­ra­py­na ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di.