21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr.
Koreý parlamentiniň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Prezident Ýun Sok Ýoluň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy özüne ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň berlendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryna berilýän özara goldaw munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem soňky ýyllarda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Şunda ýokary parlament derejesinde amala aşyrylýan özara saparlara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran sapary we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ýurdumyza şu gezekki sapary parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ýolundaky möhüm ädimler bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, bu ugurdaky duşuşyklar we geňeşmeler, tejribe alyşmalar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge ýardam berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy, gazhimiýa pudagynda birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek üçin hem mümkinçilikler bar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk halklarymyzyň ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.