Türkmenistanda bolmagynyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýet üçin Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Koreýaly myhmanlar täze şäheriň gözel künjekleri hem-de medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar.
Myhmanlar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän we kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherini synlap, onuň binagärlik keşbiniň, şäher ilatynyň ýaşamagy üçin döredilen oňaýly şertleriň özlerinde uly täsir galdyrandygyny bellediler.
Koreýaly myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşlygyň dowamynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler we bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. Ahalteke bedewleriniň gözelligi hem-de çapyksuwarlaryň ussatlygy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Döwlet sirkiniň meýdançasynda meşhur Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp ýöremegi şowhun bilen garşylanyldy. Koreýaly myhmanlar görkezme çykyşlaryndan soňra, ahalteke atynyň ady rowaýata öwrülen wekili bilen ýadygärlik surata düşdüler.
Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç
Şol gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary üçin Aşgabatda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Muzeýde myhmanlar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalaryny synladylar.
Türkmen halysy halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, gadymdan bäri we häzirki günde-de tutuş dünýäde özüniň kämil gözelligi, ýokary hili bilen meşhurdyr. Haly dokamagyň müňýyllyklara uzap gidýän däpleri häzirki döwürde türkmen halyçy zenanlary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halysynyň özboluşly göllerinde halkymyzyň taryhy, durmuş filosofiýasy, mähriban topragymyzyň gözelligi öz beýanyny tapýar.
Koreýaly myhmanlar muzeýdäki gadymy we häzirki döwre degişli halylary uly gyzyklanma bilen synlap, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň, ussatlygynyň aýdyň nyşany bolan bu eserlere haýran galandyklaryny aýtdylar.