Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. Bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada HHR-iň Gümrük gullugy habar berýär.
Umumylykda, maý aýynda Hytaý 13,51 mlrd kub metr «mawy ýangyç» import etdi, bu şol aý üçin taryhy rekord bolup durýar. Bilermenler “Covid” çäklendirmeleri ýatyrylandan soň HHR-iň ykdysadyýetiniň ösmegini dünýäniň energetika bazarynyň depginli ösüşiniň esasy şerti hasaplaýarlar.