21-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçiriljek halkara forumlara gatnaşmagy hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmäniň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” şäher bilen bagly meselelere bagyşlanan “EKSPO — 2023 Doha” halkara sergisine gatnaşmagy barada aýdyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek “Foodeх Saudi” atly Х halkara söwda sergisine gatnaşmagyna degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine, forumlara gatnaşmagynyň ýurdumyzda halkara bileleşige özüniň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçiriljek halkara sergilere gatnaşmagyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.