Praganyň ýollarynda wodorod bilen işleýän Ilkinji awtobuslar peýda boldy. Mundan beýläk we geljek iki ýylda şäher häkimligi bu ulaglary synagdan geçirer hem-de alternatiw hereketlendirijileri bolan ulagy ornaşdyrmagyň çäklerini anyklar.
Wodorod awtobuslary elektroawtobus ýaly bolup, ýöne zarýad bermegi talap etmeýär. Ulagda elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin arassa wodorod bilen doldurylan ýangyç elementi ulanylýar. Onda 35 kilogram wodorod ätiýaçlygy saklanyp, takmynan, 350 kilometre çenli ýoly geçmäge ýeterlikdir.
Pes platformada ýasalan awtobusyň hereketi juda asuda. Şu günler Praganyň ilkinji wodorod awtobusyny paýtagtyň Günorta şäher we Barrandow ýaly etraplarynda görüp bolýar.
Awtobusyň ýöreýän bir ugrynyň uzynlygy ýigrimi kilometre barabardyr. Bu awtobuslar daglyk ýerlerde has köp energiýa sarp edýär. Şol sebäpli dizel ýangyjynyň we elektrik energiýasynyň köp sarp edilýän ugurlarynda wodorod tehnologiýasyny barlamak zerur meseleleriň biri bolup durýar. Iýul aýynda diňe ulag gatnawynyň has dartgynly wagtlary işlän bu awtobuslar awgust aýyndan başlap, günüň bütin dowamynda işlär.
Olaryň tomusda sowadyş, gyşda bolsa, ýyladyş sebäpli köp energiýa sarp etmegine garaşylýar. Wodorod hereketlendirijisiniň artykmaçlygy, ýyladyş üçin ulanyp boljak işlenen ýylylygydyr. Gyşda elektrikli awtoulaglary diňe elektrik energiýasy bilen gyzdyrmaly bolýar.