Fransiýanyň iň meşhur sport neşiri “L’Equipe” gazetini habar bermegine görä, PSŽ bilen Kilian Mbappeniň arasynda mesele ýene ula ýazdy. Fransuz klubunda şertnamasyna görä, soňky ýylyna gadama basan Mbappe täze şertnama baglaşmakçy däl. Mbappe täze möwsümde PSŽ-niň düzüminde başlamak islänok. Habarda PSŽ toparyna täze şertnama babatda Mbappeniň entek jogap bermändigi we bu ýagdaýa-da klubuň nägile bolýandygy bellenilýär. Şunlukda, Kilian Mbappeniň  toparyň Ýaponiýadaky türgenleşik turnesiniň düzümine alynmady.

PSŽ-niň Prezidenti Nasser Al Haleifi ýyldyz futbolça täze şertnama üçin 2 hepdelik möhlet beripdi. Mbappe bolsa edil gönümel bolmasa-da, klubdan gitmek isleýändigini beýan edipdi.

Metbugatda çykan habarlara görä, PSŽ topar Mbappe üçin uzak möhletleýin 1 milliard ýewrolyk şertnama teklip etmekçi bolýardy. Häzirki ýagdaýda bolsa, klub ony toparyň düzüminden çykardy.

Mbappeniň “Real Madride” transfer bolmak isleýändigi, PSŽ-niň bolsa ony goýbermek islemeýändigi ozaldan belli bolan zat. PSŽ oýunçy gitmekçi bolan ýagdaýynda, iň bolmanda, ony tölegli ugradyp, kluba azda-kände girdeji gazandyrmagyny isleýär.