Bö­lek söw­da pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy kos­mos­dan in­ter­net hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu iri tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin il­kin­ji no­bat­da 120 mil­li­on dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­ler. “Pro­ject Kui­per” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji eme­li hem­ra­lar 2024-nji ýyl­da uçu­ry­lar. Tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin Flo­ri­da şta­tyn­da umu­my ba­ha­sy 120 mil­li­on dol­lar bol­jak des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­dy. Şeý­le­lik­de, “Ama­zon” hä­zir­ki wagt­da bir­nä­çe müň eme­li hem­ra ar­ka­ly Ýer ýü­zü­niň in­ter­net el­ýe­ter­li­li­gi pes ýa-da ýok ýer­le­ri­ni gö­nü­den-gö­ni kos­mos ar­ka­ly ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün ed­ýän “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Star­link” tas­la­ma­sy bi­len bäs­deş­lik eder. Bu usul ar­ka­ly hö­dür­len­ýän in­ter­net­den peý­da­lan­mak üçin ula­ny­jy ki­çi­jik an­ten al­ma­ly bol­ýar.