Hy­taý hä­ki­mi­ýet­le­ri­niň elekt­rou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­la­ry HHR-i elekt­rik­li aw­tou­lag ön­dür­mek­de we sat­mak­da dün­ýä li­der­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­di. Bu ba­ra­da ma­li­ýe mag­lu­mat­la­ry­ny ber­ýän “Bloom­berg” agent­li­gi ha­bar ber­di.
Agent­li­giň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Hy­taý 2022-nji ýyl­da şeý­le ulag­la­ryň (gib­rid he­re­ket­len­di­ri­ji­li ulag­la­ry goş­mak bi­len) 5,67 mil­lio­ny­ny sat­dy, bu bol­sa, dün­ýä­dä­ki muk­da­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­dyr. “Bloom­berg NEF” göz­leg kom­pa­ni­ýa­sy­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, bu gör­ke­zi­ji şu ýyl ön­dü­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan 14,1 mil­li­on elekt­rou­la­gyň, tak­my­nan, 60%-ine ýe­tip bi­ler.
“Bloom­berg” Hy­taý hö­kü­me­ti­niň ge­çir­ýän çä­re­le­ri­niň ara­syn­da elekt­rou­lag­la­ryň aly­jy­la­ry­na we ön­dü­ri­ji­le­ri­ne be­ril­ýän ýe­ňil­lik­le­ri, şeý­le hem de­giş­li inf­rast­ruk­tu­ra­nyň bar­ha güý­je­ýän ösü­şi ba­ra­da du­rup geç­ýär. Eý­ýäm ýurt­da dün­ýä bo­ýun­ça iň köp zar­ýad be­riş no­kat­la­ry­nyň ul­ga­my or­naş­dy­ry­lyp, 2022-nji ýyl­da ola­ryň sa­ny 649 mü­ňe çen­li art­dy, bu bol­sa dün­ýä­de gur­lan zar­ýad be­riş no­kat­la­ry­nyň 70%-den gow­ra­gy­ny düz­ýär.
Iň iri elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji­ler Hy­taý ba­za­ryn­da bar­ha kö­pel­ýär. Ge­çen ýyl “Tes­la” bu ba­zar­da pa­ýy­ny ga­zan­ma­ga sy­na­ny­şan­dan soň, “Audi” we BMW ýa­ly beý­le­ki da­şa­ry ýurt ön­dü­ri­ji­le­ri hem şo­ňa meň­zeş ta­gal­la­la­ry et­di­ler. Şol bir wag­tyň özün­de ýer­li ön­dü­ri­ji­ler di­ňe bir Hy­taý ba­za­ryn­da­ky or­nu­ny sak­la­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da­ky iş­leň­li­gi­ni art­dyr­ma­ga ta­gal­la ed­ýär­ler.