Hytaý ikinji has çuňňur gözleg guýusyny burawlap başlady. “Bloomberg”-iň Hytaýyň “Sinhua” agentligine salgylanyp berýän habaryna görä, guýynyň taslamadaky çuňlugy 10,520 metre deňdir.
Guýy Syçuan çöketliginiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Bu ýer Hytaýyň esasy gaz öndürýän sebiti hasaplanýar. Täze taslamanyň maksady – aşa çuňlukdaky tebigy gaz ýatagyna ýetmekden ybarat. Hünärmenler şeýle hem çöketligiň döremeginiň taryhyna düşünmäge we ýurduň nebit-gaz pudagy üçin täze tehnologiýalaryň ösüşini çaltlaşdyrmaga umyt baglaýarlar. Guýy Hytaýyň “PetroChina” kompaniýasy tarapyndan burawlanýar.
Bu Hytaýda eýýäm şuňa meňzeş ikinji taslamadyr. Maý aýynyň ahyrynda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan sebitindäki Tarim çöketliginiň sähralygynda dünýäniň iň çuňňur şahtasyna öwrülip biljek ýerde buraw işleri başlandy. Bu taslamanyň maksatlary synag häsiýetine eýedir. Hytaýly alymlar Ýeriň içki gurluşyny öwrenmek, geologiki we geofiziki barlaglary geçirmek üçin maglumat toplamak isleýärler. HHR gazylyp alynýan peýdaly magdanlary üstünlikli gözlemäge-de bil baglaýar.