UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, çempion toparlaryň arasynda “Žalgiris”–“Galatasaraý” duşuşygynyň ýeňijisi “Ludogores Razgrad”–“Olimpiýa Lýublýana” duşuşygynyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar. “Dinamo Zagreb” ýa-da “Astana” topary 3-nji saýlama tapgyrynda Gresiýanyň çempiony AEK bilen duşuşar. “Breidablik”–“Kopengagen” duşuşygynyň ýeňijisiniň garşydaşy-da Praganyň “Sparta” kluby boldy.

Çempion däl toparlaryň bijesinde janköýerlere biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar. Portugaliýanyň “Braga” topary Serbiýanyň wise-çempiony TSS bilen bije çekişdi. Şotlandlaryň “Reýnjers” topary “Serwette” ýa-da “Genk” bilen duşuşar. “Dnep-1”–“Panatinaikos” duşuşygynyň ýeňijisi-de Fransiýanyň “Marsel” kluby bilen güýç synanyşar. PSW bilen “Şturm Gras” toparlary-da bije çekişip, olaryň haýsy hem bolsa biri ýoluny dowam eder.

3-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary 8-9-njy awgustda hem-de 15-nji awgustda oýnalar.

3-nji saýlama tapgyryň bijeleri:

  1. “Rakuw Çenstowoha”/“Garabag” – “Aris Limassol”/“BATE Borisow”
  2. “Zrýinski Mostar”/“Slowan Bratislawa” – Şerif”/“Makkabi Haýfa”
  3. “AEK Afiny” – “Dinamo Zagreb”/“Astana”
  4. “Ludogores Razgrad”/“Olimpiýa Lýublýana” – “Žalgiris”/“Galatasaraý”
  5. “Breidablik”/“Kopengagen” – “Sparta Praga”
  6. “KI Klakswik”/“BK Haken” – “HJK Helsinki”/“Molde”
  7. “Braga” – TSS (Serbiýa)
  8. “Reýnjers” – “Serwette”/“Genk”
  9. “Dnep-1”/“Panatinaikos” – “Marsel”
  10. “PSW Eýndhowen” – “Şturm Gras”