17-21-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem wekilleri girdi.
Öň habar berilişi ýaly, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Iki ýurduň özara bähbitlerine gabat gelýän yzygiderli we ynanyşmak dialogy saklamaga berk ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etmekde gyzyklanma barada belläp, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň söwda, senagat we energetika ministri Li Çang Ýang bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşyldy we ony mundan beýläk hem ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda netijeli ösýän oňyn ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy hem-de energetika, himiýa we dokma senagaty, saglygy goraýyş, ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jong Won-Ju bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda netijeli söwda-ykdysady, energetika, ulag, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikir alyşyldy. Hususan-da, ykdysady hyzmatdaşlygyň iri taslamalaryny durmuşa geçirmek babatyndaky meselelere seredildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde bilelikdäki Türkmen-koreý iş toparynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 29-njy noýabrynda Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri bilen bolan duşuşygynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly goşant goşandygy bellendi.
Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň «K-EXIM» eksport-import bankynyň, «K-SURE» söwda-ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň, «Hyundai Engineering», «Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Omnisystem Co. Ltd», «Olive Union», «Poonglim Pharmatech», «SK Telecom», «LS Cable & System», «LG CNS», «Stealien» we «Rovigos» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň dürli şäherlerinde ýerleşýän zawoddyr kärhanalarynyň işi we önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.