17-21-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katar Döwletiniň Doha şäherine iş sapary amala aşyryldy.
Iş saparynyň dowamynda 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Katarda geçiriljek “Ekspo-2023 Doha” atly halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti bu halkara serginiň Baş sekretary Mohammed Ali Al Hoori bilen duşuşyk geçirdi. Netijeli gepleşiklerden soňra Türkmenistanyň “Ekspo-2023 Doha” halkara sergisine gatnaşmagy boýunça degişli ylalaşyga gol çekişmek dabarasy boldy.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatynda duşuşyk geçirildi.