Awtoulaglary kärendesine bermek boýunça hyzmatlaryny hödürleýän “StressFreeCarRental” kompaniýasy iň asuda howa menzillerini ýüze çykarmak maksady bilen dünýäniň iň meşhur howa menzilleri barada maglumatlary jemledi.
Bilermenler ýylyň dowamynda syýahatçylaryň umumy sanyna, şäher merkezinden uzaklygyna, awtoulag duralgasynyň bahalaryna, hil derejesine esaslanyp, sanaw düzdüler. Bu şeýle düşündirilýär: ýolagçy akymy näçe az bolsa, şonça-da howa menzilindäki ýolagçylar nerw dartgynlylygyny az başdan geçirýärler. Şeýle-de howa menzilleri şähere näçe ýakyn bolsa, şonça-da taksi hyzmatlary arzan bolup, üýtgeşik mesele ýüze çykmaýar. Bilermenleriň esasy maksady iň az “stressli” howa menzilini ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Ýewropanyň iň asuda howa menzilleriniň ilkinji üçlügine Wilnýusyň, Billunnyň we Lýuksemburgyň howa menzilleri girdi. Iň gowy howa menzilleriniň onlugyny aşakdaky şäherler düzdi:
1. Wilnýus (Litwa), 2. Billunn (Daniýa), 3. Lýuksemburg (Lýuksemburg), 4. Menorka (Ispaniýa), 5. Gannower (Germaniýa), 6. Nýukasl (Beýik Britaniýa), 7. Korfu (Gresiýa), 8. Tronheým (Norwegiýa), 9. Turin (Italiýa), 10. Kalýari-Elmas (Italiýa).