25-nji iýul­da Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Kä­ri­zek et­ra­by­nyň Aba An­na­ýew şä­her­çe­si­niň Ge­ňeş ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di. Bu saý­law­lar 23-nji iýul­da açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da, giň bäs­deş­lik esa­syn­da ge­çi­ril­di.
Mej­li­se mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry we onuň eda­ra­sy­nyň iş­gär­le­ri, to­pa­ryň ýa­nyn­da dö­re­di­len iş to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry, De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň hem-de Ag­rar par­ti­ýa­nyň, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň, Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň mer­ke­zi eda­ra­la­ry­nyň mil­li syn­çy­lar bo­ýun­ça jo­gap­kär iş­gär­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mej­li­siň bar­şyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň saý­law to­pa­ry­nyň baş­ly­gy­nyň saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri ba­ra­da­ky ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler esa­syn­da 5 saý­law ok­ru­gy­nyň her­sin­de bir or­na iki da­laş­gär bel­li­ge alyn­dy. Saý­law to­par­la­ry­nyň Tes­wir­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ses ber­me­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ge­ňe­şiň 5 ag­za­sy saý­lan­dy. Saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky çä­re­le­riň äh­li­si öz wag­tyn­da, he­re­ket ed­ýän mil­li ka­nun­çy­ly­ga we umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­di.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ge­ňeş ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry ge­çi­ril­di diý­lip yk­rar edil­di. Şeý­le­lik­de, 10 da­laş­gä­riň 5-si saý­lan­dy. Hal­kyň saý­lan­la­ry­nyň äh­li­si halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­dir, De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň hem-de Ag­rar par­ti­ýa­nyň we­kil­le­ri­dir.
Saý­law­la­ra syn eden mil­li syn­çy­la­ryň iş­jeň işi bel­le­nil­di. Şeý­le hem sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zi eda­ra­la­ry­nyň mil­li syn­çy­lar bo­ýun­ça jo­gap­kär we­kil­le­ri­niň ha­bar­la­ry diň­le­nil­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, saý­law­lar ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de, mil­li ka­nun­çy­ly­ga hem-de hal­ka­ra ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­di.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mej­li­sin­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Kä­ri­zek et­ra­by­nyň Aba An­na­ýew şä­her­çe­si­niň Ge­ňeş ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri tas­syk­la­nyl­dy.