Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň ýar­dam ber­me­gin­de Türk­me­nis­tan­da Adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­kil – Ada­lat­çy Ý.Gur­ban­na­za­ro­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň Gru­zi­ýa iş sa­pa­ry baş­lan­dy. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat­çy­sy­nyň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­di
Iş sa­pa­ryň mak­sa­dy Gru­zi­ýa­nyň Halk go­rag­çy eda­ra­sy­nyň mer­ke­zi eda­ra­sy­nyň, onuň bö­lüm­le­ri­niň we se­bit­le­ýin eda­ra­la­ry­nyň işi bi­len ta­nyş­mak­dan yba­rat­dyr.
Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de 26-njy iýul­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň Gru­zi­ýa­nyň Halk go­rag­çy­sy, mil­li öňü­ni alyş me­ha­niz­miň (MPM), gen­der me­se­le­si bo­ýun­ça bö­lü­miň hem-de raý­daş­lyk bo­ýun­ça mer­ke­ziň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lan.
Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat­çy­sy­nyň di­wa­ny­nyň esa­sy hal­ka­ra hyz­mat­da­şy bo­lan BMG, onuň hü­när müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Dür­li ýurt­la­ryň hu­kuk go­ra­ýyş ins­ti­tut­la­ry­nyň işi bi­len ta­nyş­mak 2023-nji ýyl­da gol çe­ki­len «Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat­çy­sy­nyň Di­wa­ny­nyň ins­ti­tu­sio­nal po­ten­sia­ly­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek» at­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma res­mi­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de gu­ral­ýar.