«Türkmenistan» awiakompaniýasy Hytaýyň Şenžen şäheri bilen Aşgabadyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady. Bu barada Hytaýyň CGTN (China Global Television Network) media kompaniýasy habar berýär. Şenžen şäherinden Aşgabat şäherine ýük gatnawy Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ilkinji göni halkara ýük ugry bolup durýar.
Elektron önümleri, egin-eşikleri we beýleki harytlar ýüklenen ilkinji uçar 23-nji iýulda Şenžen şäheriniň «Baoan» halkara howa menzilinden ugrady.
Bu gatnaw «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «A330-200» kysymly ýük uçarlarynda hepdede bir gezek amala aşyrylar.
Täze ýük ugry Şenžen şäherinden Merkezi Aziýa ilkinji ugur bolup, munuň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdany ösdürmäge ýardam bermegine garaşylýar.