24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri do­wam ed­ýär, hu­su­san-da, ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ge­çi­ril­ýär, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan we gu­ral­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. We­la­ýat­lar­da pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar, har­man­ha­na­lar we pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­lar ýy­gym möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­nyl­ýar. Gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Se­bit­ler­de güýz möw­sü­min­de gök-bak­ja, beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň eki­şi­ni hem-de şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da gur­lu­şyk iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di we we­la­ýat­la­ryň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri­niň, gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­bat­da hä­kim­le­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ün­si çek­di we şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lan dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li­niň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da hä­kim­le­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu gün­ler go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da pag­ta­çy daý­han­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan we gu­ral­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ry hem-de pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­, kom­baýn­la­ry we oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ýe­ral­ma­nyň, gök-bak­ja we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak we ila­ty­my­za ýe­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär.
Şeý­le hem wi­se-prem­ýer Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri­niň, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň gant şu­gun­dy­ry eki­len meý­dan­la­ryn­da bol­sa ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ýe­ke­le­mek, otag et­mek, gö­ge­riş hem-de ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri­niň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we wi­se-prem­ýe­re go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da­ky ideg iş­le­ri­niň, gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş iş­le­ri­niň, güýz möw­sü­min­de ekil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň eki­şi­niň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da we bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ne, hu­su­san-da, go­wa­ça edil­ýän ideg iş­le­ri­ne, gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý ekil­jek meý­dan­la­ry eki­şe taý­ýar­la­mak, şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.