Öýü­ňi­ziň di­war­la­ry­ny, ýat­ýan ota­gy­ňy­zy özü­ňi­ziň ka­gyz­dan ýa­san «sun­gat eser­le­ri­ňiz» bi­len be­ze­mek has-da tä­sir­li bol­sa ge­rek. Ka­gyz­dan dür­li zat­la­ry ýa­sa­mak ça­ga­lar bi­len bir ha­tar­da ulu­lar üçin hem gy­zyk­ly güýmenjedir. Eý­sem, ka­gyz­dan nä­me­ler ýa­sap bo­lar?! Ka­gyz­dan dür­li gör­nüş­li di­war­dan asyl­ýan be­zeg­le­ri, ke­be­lek, gül, ösüm­lik­dir jan­dar­la­ryň şe­kil­le­ri­ni, ho­wa şa­ry­ny, doň­dur­ma we ş.m. ýa­sa­mak müm­kin. Se­net­çi­li­giň bu gör­nü­şi us­sat­ly­gy ta­lap et­me­ýär. Oňa hö­wes bi­len baş­la­mak ýe­ter­lik. Ka­gyz­dan güý­men­je­le­ri ýa­sa­mak aň­sat bo­lup, köp wagtyňy almaýar, ar­tyk­maç çyk­da­jy ta­lap et­me­ýär. Si­zi baý­ram­çy­lyk şar­ja­ga­zy­nyň ýa­sa­ly­şy bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys.
Bu owa­dan be­ze­gi ýa­sa­mak üçin reňk­li ka­gyz­lar, ýe­lim, gaý­çy we ýüp­ja­gaz ge­rek. Il­ki bi­len ka­gy­zy insiz gör­nüş­de zo­lak-zo­lak kes­me­li. Zo­lak­lar nä­çe uzyn bol­sa şar­ja­gaz şon­ça-da uly bo­lar. Şol se­bäp­li öl­çe­gi is­le­gi­ňi­ze gö­rä öňün­den kes­git­läň! Soň­ra 4 sa­ny ke­si­len ka­gyz bö­le­gi­niň mer­ke­zi­ni bel­läp, ola­ry ýyl­dyz­jyk gör­nü­şin­de ýe­lim­le­me­li. On­dan soň­ra ýyl­dyz­jy­gyň uju­ny bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ne go­ýup, deň de­re­je­de ýe­lim­le­me­li. Eger-de bu usul­da taý­ýar­la­mak kyn bol­sa, ýö­ne­keý usul­da hem şar­ja­gaz ýa­sap bi­ler­si­ňiz. Ikinji usul­da il­ki bi­len ke­si­len ka­gyz bö­lek­le­ri­niň her­si­niň uju­ny bi­ri-bi­ri­ne ga­bat ge­ti­rip ýe­lim­le­me­li. Ka­gyz bö­lek­le­ri te­ge­lek gör­nüş­de taý­ýar bo­lan­dan soň, 4 sa­ny hal­ka­ny reň­ki­ne gö­rä ata­nak­la­ýyn we gy­tak­la­ýyn gör­nüş­de ýe­ne-de ýe­lim­läp çyk­ma­ly. Eger ka­gyz­lar gy­şyk ýel­men­se, şe­ki­li­ňiz owa­dan bol­maz. Şol se­bäp­li bu ýer­de üns ber­me­li zat, hal­ka­ly ka­gyz­la­ryň mer­kez­le­ri­niň bi­ri-bi­ri­ne ga­bat gel­me­gi­dir. Gör­şü­ňiz ýa­ly, şar­ja­gaz­lar taý­ýar bol­dy. In­di ola­ryň ara­ly­gyn­dan ýüp­ja­gaz­la­ry ge­çi­rip, asaý­mak gal­ýar.