ABŞ-nyň Mil­li ae­ro­naw­ti­ka we kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni öw­re­niş mü­dir­li­gi (NA­SA) pi­lot­syz kos­mos zon­dy OSI­RIS-REx ta­ra­pyn­dan top­la­nan as­te­ro­id nus­ga­la­ry­ny öw­ren­mä­ge taý­ýar­lan­ýar. Bu nus­ga­lar alym­la­ra ýa­şaý­şyň Gün ul­ga­myn­da nä­dip dö­rän­di­gi­ni dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer diý­lip ga­ra­şyl­ýar.
Hýus­ton­da­ky la­bo­ra­to­ri­ýa­nyň alym­la­ry NA­SA-nyň 2016-njy ýyl­da kos­mo­sa uçu­ry­lan OSI­RIS-REx kos­mos zon­du­nyň gaý­dyp gel­me­gi­ne taý­ýar­lan­ýar. Pi­lot­syz en­jam, aý­ra­tyn gym­mat­ly ýük bi­len gaý­dyp ge­ler: olar Gün ul­ga­myn­da ýa­şaý­şyň dö­re­me­gi­niň syr­la­ry­ny açyp bil­jek Ben­nu as­te­roi­din­den al­nan nus­ga­lar­dan yba­rat­dyr.
Ýyg­na­lan daş we to­zan nus­ga­la­ry der­ňe­mek we sak­la­mak üçin nus­ga­la­ra bö­lü­nip, ge­le­jek­de ola­ryň üs­tün­de tä­ze ne­sil­ler has ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bar­lag ge­çi­rer­ler. Kos­mos en­ja­my 24-nji sent­ýabr­da Ýu­ta şta­ty­na gon­ma­ly. Onuň bor­tun­da 2020-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­dan bä­ri as­te­ro­id­den top­la­nan 250 gram tö­we­re­gi ma­te­ri­al bar.
Mis­si­ýa­nyň yk­jam me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, nus­ga­la­ry ýyg­na­mak aň­sat iş däl. Zond iş­le­ýän wag­ty bir­nä­çe ge­zek kyn­çy­lyk­la­ra du­çar bol­dy. Alym­lar, bö­lü­miň ga­py­sy go­wy ýa­pyl­man­soň, ola­ryň kä­bir­le­ri­niň kos­mo­sa gaç­ma­gy­na ala­da bil­dir­di­ler. Em­ma, ahy­ryn­da, nus­ga­lar en­ja­myň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän kap­su­la üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip, ber­ki­dil­di.