28-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýene ynanç hatlaryny gowşurdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklandy.
Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary netijeli ilerletmäge taýýarlygyny bildirdiler.