Dün­ýä­niň iň gar­ry ýa­şaý­jy­sy Žo­ze Pau­li­no Go­mes bir­nä­çe gün ozal dog­duk me­ka­ny Bra­zi­li­ýa­da ara­dan çyk­dy. Ol 127 ýa­şyn­da­dy. Ol XIX asyr­da, ýag­ny 1895-nji ýy­lyň 4-nji aw­gus­tyn­da dün­ýä inipdir.
Onuň dog­luş ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma­sy ýi­ten eken. Şeý­le-de bol­sa, Ped­ra-Bo­ni­ta şä­her hä­kim­li­gi­niň ýe­ke-täk bel­li­ge alyş gul­lu­gy­nyň ar­hi­win­den Go­me­siň 1917-nji ýyl­da bag­la­şan ni­ka ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma­sy­nyň ikin­ji nus­ga­sy ta­pyl­dy. Res­mi­na­ma­da bu ada­myň 22 ýa­şyn­da öý­le­nen­di­gi bel­li­ge al­nyp­dyr. Onuň ýe­di ça­ga­sy, 25 ag­ty­gy, 42 çow­lu­gy we 11 ýuw­lu­gy bar.
Ýa­kyn­la­ry­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Go­mes ça­ga­lyk­dan mal­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyp, ba­ry-ýo­gy dört ýyl ozal at mün­me­gi­ni bes edip­dir. Bu adam açyk ho­wa­da yzy­gi­der­li ge­ze­lenç edip, how­lu­syn­da ýe­tiş­di­ren mi­we­ler­dir gök önüm­ler bi­len sag­dyn iý­mit­le­nip­dir. Mun­dan baş­ga-da, ol he­mi­şe özü­niň çe­ýe­li­gi­ni we iş­jeň­li­gi­ni sak­lap­dyr.
-Ol örän sa­da we ki­çi­gö­wün­li­di. Onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy ol di­ňe te­bi­gy önüm­ler bi­len iý­mit­len­ýär­di. Ol to­wuk­la­ry we do­ňuz­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di – di­ýip, Go­me­siň ag­ty­gy Elian Fer­reý­ra aýd­ýar.
“Bu ada­myň ba­şy di­ňe öm­rü­niň soň­ky gün­le­rin­de ýas­sy­ga ýe­tip­dir” – di­ýip, “The Sun” ne­şi­ri ýaz­ýar. Ýö­ne Go­me­siň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­jek­di­gi en­tek bel­li däl.