«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.