An­tark­ti­ka­da­ky Rus­si­ýa­nyň Wos­tok be­ke­din­de iş alyp bar­ýan bi­ler­men­ler bu ýer­de gar­pyz we ga­wun ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Ýy­la­dyş­ha­na şert­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len gar­pyz­la­ryň bi­şen­di­gi we ta­ga­my­nyň süý­jü­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le hem bu yl­my iş dün­ýä­niň iň so­wuk ýe­rin­de ha­syl alyp bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­di.
Ark­ti­ka-An­tark­ti­ka bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň bi­ler­men­le­ri Ag­ro­fi­zi­ka bar­lag ins­ti­tu­tyn­da­ky hem-de ýur­duň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Bio­me­di­kal me­se­le­ler ins­ti­tu­tyn­da­ky kär­deş­le­ri bi­len dün­ýä­niň iň so­wuk ýe­rin­dä­ki be­ket­de gök önüm­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin tejribe geçirdiler. Çigidiň ýu­ka top­rak gat­la­ga ekilen­di­gi we Gün şöh­le­si­ne «öý­kün­ýän» ýag­ty­lyk­dan peý­da­la­n­ylandy­gy mä­lim edil­di. To­hum­lar eki­len­den la­ýyk 103 gün­den soň­ra, se­kiz sa­ny bi­şen süý­ji garpyzyň ýe­ti­şen­di­gi, ga­wun­la­ryň hem her bi­ri­niň ag­ra­my­nyň 1 ki­log­ram­dy­gy we dia­met­ri­niň 13 san­ti­metr­di­gi aý­dyl­dy.
Beketde mun­dan ozal, 2020-nji ýyl­da dür­li gök ot­la­r we ke­le­m ha­sy­ly­ hem al­nypdyr.