Eý­ran­da gör­lüp-eşi­dil­me­dik yssy ho­wa se­bäp­li bir­nä­çe pudakda zähmet çekýän iş­gärler üçin iki dynç güni bel­len­di. Ýur­duň hä­ki­mi­ýet­le­ri ys­sy ho­wa bi­len bag­la­ny­şyk­ly döw­let we bank iş­gär­le­ri üçin çar­şen­be we pen­şen­be gün­le­ri­ni dynç alyş güni diýip yg­lan et­di. Bu ka­rar me­teo­ro­lo­gi­ýa gul­lu­gyn­yň köp şä­her­ler­de ho­wa­nyň 40 gra­dus­dan geçendigi, gü­nor­ta-gün­ba­tar­da bol­sa, 50 de­re­jä çen­li ýet­jek­di­gi ba­ra­da­ky çak­la­ma­lar­yndan soň ka­bul edil­di. Ýurduň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi Gü­nüň aşa­gyn­da köp bolun­ma­gyň ne­ti­je­sin­de, Gün ur­ma­gyň how­py ba­ra­da duý­du­ryş ber­ip, ir­ sagat 10:00-dan, öý­län 16:00-a çen­li öý­den çykmazlygy maslahat berdi.